R.Meredow Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny açmak boýunça gepleşik geçirdi

11.12.2021, 18:383,974

10-njy dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, alnyp barylýan bilelikdäki iş, şol sanda global derejede oba hojalygynyň ösüşine ýardam bermek hem-de azyk howpsuzlygy meseleleri babatda taslamalar we maksatnamalar boýunça pikir alyşdylar.

Mundan başga-da, FAO-nyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak boýunça Türkmenistan bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda taslamalaýyn ylalaşyk meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ilatyň azyk üpjünçiligine baha bermek pudagynda öňdebaryjy dünýä tejribelerini ulanmak meselelerine aýratyn üns çekildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.