«Forsaž 10» filminiň täze treýleri çykdy

04.05.2023, 14:0414,156

Universal studiýasy geljekki «Forsaž 10» filminiň nobatdaky treýlerini paýlaşdy. Film 17-nji maýda halkara prokatyna görkeziler.

Filmiň sýužeti howply garşydaş Dantä (Jeýson Momoa) garşy barlyşyksyz göreş alyp barýan Dominik Torettonyň (Win Dizel) we onuň maşgalasynyň töwereginde ýaýbaňlanýar. Şeýle-de, taslamada Mişel Rodriges, Jordana Býuster, Bri Larson, Şarliz Teron, Jon Sina we başgalar hem çykyş etdiler.
Onunjy bölümiň režissýory Lui Leterer (“Aldawyň boş hyýaly”, “Titanlaryň çaknyşygy”) boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.