“Forsaž” kinofranşizasynyň ýyldyzlary doňdurmanyň mahabatynda surata düşdüler

06.02.2025, 12:148,012
1 / 2

“Forsažyň” ýyldyzlary ýaryş ýollaryny asuda doňdurma iýmek bilen çalyşdylar. Win Dizel, Mişel Rodrigez we Ludakris Amerikanyň Häagen-Dazs brendiniň doňdurmasyny mahabat etmek üçin ýaryşlar dessanyndaky keşplerinden birsalym daşlaşmaly boldular.

Mahabat wideosy köpçülige elýeter görnüşde çap edildi. Şirinlik öndürijisi ony hepdäniň ahyrynda “Super Boulyň” (ABŞ-nyň Milli futbol ligasynyň finaly) çäklerinde görkezmegi meýilleşdirýär.
30 sekuntlyk wideoda “Forsažyň” gahrymanlaryň ady gönüden-göni agzalmasa-da, olary daşyndan tanap bolýar. Şeýle hem wideoda tanalýan ulaglar - Chevrolet Chevelle SS masl-kary we kastom wnedorožnigi bar. Sýužet pursatdan lezzet almaga gönükdirilendir. Asyl filmiň ady gönüden-göni "Not So Fast Not So Furious" mahabat şygaryna salgylandy.
Mahabaty döredijiler, hatda "dünýäniň iň çalt maşgalasynyň" hem käwagt dynç almalydygyny nygtaýarlar.
Franşizanyň iň soňky filmi “Forsaž 10” 2023-nji ýylda çykdy. Dominik Toretto hakdaky hekaýaty tamamlajak on birinji filmiň 2026-njy ýylda çykmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.