Emeli aň “Manýunýa: Moskwadaky başdan geçirmeler” atly täze komediýa üçin Ýuriý Nikulini “janlandyrar”

28.03.2024, 14:4419,955

Sowet we rus kino aktýory Ýuriý Nikulin Gewond Andreasýanyň režissýorlyk eden “Manýunýa: Moskwadaky başdan geçirmeler” filminde “oýnar”. Onuň keşbini döretmek üçin dipfeýk tehnologiýasy ulanylar diýip, režissýoryň habaryna salgylanýan “Býulleten kinoprokatçika” habar berýär.

Keşbi döretmek 8 aýdan gowrak wagt aldy. Bu maksat bilen aktýoryň daş keşbi we sesi sanlylaşdyryldy. Nikuliniň maşgalasy onuň keşbini ulanmaga rugsat berdi, ýöne aktýoryň suratlary filmiň mahabat kampaniýasynda ulanylmaz.
“Manýunýa: Moskwadaky başdan geçirmeler” filminiň ilkinji görkezilişi 2024-nji ýylyň 30-njy maýynda bolar. Filmdäki wakalar 1980-nji ýyllaryň başynda bolup geçýär. Ýuriý Nikulin esasy gahrymanlaryň birine öwrüler. Şeýle hem filmde Ýewgeniý Petrosýan hem oýnar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.