Gurbanguly Berdimuhamedow matam güni bilen bagly Eýranda saparda bolýar

23.05.2024, 03:4949,797

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyndaky matam güni bilen bagly öz saparyny amala aşyrýar.

Ýatlap geçsek, 19-njy maýda Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisiniň dikuçary ýurduň demirgazyk-günbatarynda dag gerişlerinde heläkçilige uçrady. Dikuçardakylaryň ählisi, şol sanda ýurduň Prezidenti, DIM-niň ýolbaşçysy Hoseýn Amir Abdollahian, Gündogar Azerbaýjan welaýatynyň gubernatory Malek Rahmati we aýatolla Mohammad Ali al-e-Haşem aradan çykdy.
Merhumlary jaýlamak çäresi maý aýynyň 23-ine bellenildi. Eýranda bäş günlük matam yglan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy bolup geçen pajygaly waka sebäpli Eýranyň ýolbaşçylygyna 
gynanç bildirdiler
20-nji maýda Eýranyň beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hamenei ýurduň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn birinji wise-prezident Mohammad Mohberiň ýerine ýetirjekdigini yglan etdi.
Eýranyň Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Mohammad Bageri dikuçaryň heläkçilige uçramagynyň sebäplerini derňäp başlamagy tabşyrdy.
28-nji iýunda Eýranda nobatdan daşary prezident saýlawlary geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.