Bred Pitt bilen Ben Afflek “Otludaky nätanyşlar” nusgawy trilleriň remeýkinde baş keşpde oýnarlar

02.09.2024, 17:568,221

Trillerleriň we kino ýyldyzlarynyň muşdaklary Dewid Finçeriň täze eserini görmäge  taýýarlanýar. World of Reel neşiriniň berýän habaryna görä, meşhur režissýor Alfred Hiçkokyň “Otludaky nätanyşlar” atly klassiki filmiň remeýkini surata düşürmäge taýýarlanýar, ondaky baş keşpleri bolsa  Bred Pitt bilen Ben Afflek janlandyrar.

Häzirlikçe jikme-jiklikler aýan edilmedi. 1951-nji ýylda düşürilen asyl filmde otluda duşuşyp, adam öldürmegiň meýilnamasyny düzüp başlaýan iki adam barada gürrüň berilýärdi. Olaryň biri muny degişme hökmünde kabul edýär, beýlekisi oňa çynlakaý garaýar.
Netflix kompaniýasynyň 2015-nji ýylda “Otludaky nätanyşlar” filmini täzeden surata düşürmek meýilnamasyny yglan edendigini ýatladýarys, ýöne soň  ondan habar bolmady. Indi Pitt we Afflek ýaly ýyldyzlaryň gatnaşýandygy taslama bolan gyzyklanmany barha artdyrýar.
Ilkinji görkeziljek senesi entek yglan edilmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.