Alwaro Arbeloa “Realyň” ýaşlar toparyna baş tälimçi bellendi

30.05.2025, 12:274,753

Madridiň “Realynyň” öňki goragçysy Alwaro Arbeloa klubuň ýaşlar topary “Kastilýa” ýolbaşçy boldy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

42 ýaşly ispaniýaly ýaşlaryň tälimçisi wezipesinde 2019-njy ýyldan bäri topara ýolbaşçy bolan Rauly çalyşdy. Mundan öň Arbeloa “Realyň” dürli ýaşdaky ýaşlar toparynda işledi. 2023-nji ýylda 19 ýaşa çenli topar onuň ýolbaşçylygynda Ispaniýanyň Ýaşlar kubogyny aldy.
Arbeloa “Realda” 2009-njy ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda çykyş etdi, 2017-nji ýylda bolsa oýunçy karýerasyny tamamlady. Ol Madrid kluby bilen dokuz kubok, şol sanda Çempionlar ligasynda iki we Ispaniýanyň çempionatynda bir ýeňiş gazandy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.