Tramp Ak tamyň howlusynda UFC çempionlyk tutluşygynyň geçiriljekdigini mälim etdi

04.07.2025, 12:5811,452

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň öňündäki meýdançada UFC tutluşygyny geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Bu barada ol ABŞ-nyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 250 ýyllygyna taýýarlyk bilen baglanyşykly Aýowa ştatyndaky çykyşynda habar berdi. Bu şanly sene 2026-njy ýylda bellenip geçiler.

«Ak tamyň territoriýasynda UFC tutluşygyny geçireris, göz öňüňize getirip görüň. Ol ýerde ýerimiz örän köp» — diýip, Tramp aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu «doly görnüşli çempionlyk tutluşygy» bolar we oňa 20-25 müň tomaşaçy gatnaşar.

Tutluşygyň haçan geçiriljekdigi we kimleriň gatnaşjakdygy barada Prezident anyk maglumat bermedi.
Amerikaly KHBS-niň Ak tamyň metbugat sekretary Kerolaýn Lewitte salgylanyp habar bermegine görä, Donald Tramp bu meselä «düýpgöter çynlakaý» çemeleşýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.