Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

13.03.2026, 07:139,438
1 / 2

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär.

Çimaýew bilen Striklendiň arasyndaky söweş 9-njy maýda geçiriljek UFC 328 ýaryşynyň esasy tutluşygy bolar.

Soňky gezek Çimaýew 2025-nji ýylyň 17-nji awgustynda Günorta Afrikanyň wekili Drikus dýu Plessi bilen duşuşypdy. Bäş raund dowam eden şol tutluşykda Çimaýew eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňiş gazandy.

Striklend bolsa Hýuston şäherinde (ABŞ) 21-nji fewraldan 22-nji fewrala geçilen gije bolan soňky söweşinde öz watandaşy Entoni Ernandes bilen duşuşdy. Söweş Şon Striklendiň üçünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.