DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

29.06.2026, 08:185,743
1 / 5

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8 finala ýol aldy.

Oýny portugaliýaly Źoau Pedri Pineýrunyň ýolbaşçylygyndaky eminler brigadasy dolandyrdy.

Duşuşyk turuwbaşdan göreşlere baý we dartgynly başlady. Tapawutly tarapy, futbolçylar biri-birlerine gödeklik bilen çemeleşmekden ýaýdanman hereket etdiler. Topy aldyran futbolçysyny gönümel çekip, saklap galmakmy, ýa bolmasa, topsuz futbolçynyň aýagyna yzyndan gelip galtaşmak ýaly, tötänleýin bolmadyk gödek hereketleriň birnäçesine hut birinji ýarymda şaýat bolduk. 

Birinji ýarymyň 44-nji minudynda bolsa GAR-yň derwezesine giräýmeli top, bir «keramat» bilen girip bilmedi. Eştakiunyň jerime meýdançasyna geçiren topuna Bombito kelle bilen ýetişdi. Bu pursatda derwezeban Ronwen Wilýams ýerinde däldi, ýöne derweze çyzygynyň edil üstünden afrikaly goragçy Modiba topy yzyna gaýtaryp ýetişdi. Edil yz ýany ýene berlen howply urgyny bolsa Ronwen Wilýamsyň özi gaýtardy we hasabyň açylmagyna ýol bermedi.

65-nji minutda Sigur meýdanyň merkezinden top alyp, Oluwaseýi öňe ugrukdyrdy. Hüjümçi jerime meýdança girip, topy derwezebanyň üstünden aşyrmakçy boldy. Pirim doly amala aşmadygam bolsa Ronwene degen top ugruny üýtgedip, Jonatan Dewide gol geçirmäge gowy mümkinçilik döredi, ýöne goragçy Mbekezeli Mbokazi geň galdyryjy hereketler bilen hüjümçiden öňe geçip, gödeklik etmezden topy daşaryk çykaryp, toparyny 100 göterimlik goldan elin halas etdi. 

90+2 de Şaffelburguň çep tarapdan jerime meýdança aşyran topyny goragçy Ime Okon kelle bilen gapdala sowup daşlaşdyrjak boldy, top bolsa, «tüýs bolmajagy-da» diýlişi ýaly, Stefen Eştakiunuň aýagyna baryp düşdi. Ol bolsa topa birki gezek galtaşyp  oňaýyna sazlady-da, derwezäň çep sütüniniň ýanyndan zarp bilen tora girizdi goýberdi. Gol uzakdan we owadan girdi. 

Şeýlelikde, Kanada 1/8 finalda Niderlandlar – Marokko (30-njy iýunda sagat 06:00) oýnunyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.