Britaniýanyň Time žurnaly ilkinji gezek «sungatyň geljegini kesgitleýän» iň täsirli 100 adamyň sanawyny düzdi. Sanawa suratkeşler, fotosuratçylar, heýkeltaraşlar, kuratorlar, hukukçylar, sungat howandarlary we muzeý ýolbaşçylary girizildi.
Žurnalyň bu sanynyň daşky sahypasynda amerikan portretçi suratkeşi Emi Şerald ýerleşdirildi. Ol ýönekeýleşdirilen realizm stilinde işleýär we afroamerikanlaryň gündelik durmuşdaky keşplerini suratlandyrýan portretleri bilen tanalýar. Hususan-da, Şerald ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obamanyň we onuň aýaly Mişel Obamanyň resmi portretlerini çekdi.

Elbetde, sanawda köçe suratkeşi Benksi hem bar. Neşiriň awtorlary ony «sungatyň Robin Gudy» diýip atlandyrypdyrlar.

Sanawdaky suratkeşleriň arasynda italýan Maurisio Kattelan, ABŞ-nyň ýerli halklarynyň wekili Jeffri Gibson, amerikaly Kerri Jeýms Marşall, nemes suratkeşi Gerhard Rihter, şeýle hem fransuz fotosuratçysy we köçe sungatynyň wekili JR hem bar.
Sanawa 11 sany sungat howandary hem girizildi. Olaryň arasynda maýa goýujy Ken Griffin, telekeçi Ronald Lauder we sungat eserlerini ýygnaýjy Komal Şah bar.
Iň täsirli 100 adamyň sanawynda Metropoliten muzeýiniň ýolbaşçysy Maks Holleýn, Harlem Studio Museum-yň ýolbaşçysy Telma Golden, şeýle-de Nýu-Ýorkdaky Guggenhaým muzeýiniň baş kuratory Naomi Bekwit hem orun aldy.