«Realyň» esasy ýyldyzlarynyň hereketi migrasiýa bilen bagly jedellere itergi berdi

Düýn, 22:221,783

«Real Madrid» futbol klubynyň birnäçe oýunçylarynyň hereketi Ýewropada syýasy jedeliň döremegine sebäp boldy.

16-njy sentýabra geçilýän gije topar Ispaniýanyň La Liga çempionatynyň çäginde «Elçe» bilen duşuşdy. Oýundan öň futbolçylara Todos somos caballas («Biz hemmämiz Seutaly») diýen ýazgyly köýnekçeler paýlandy. Bu köýnekçeler geçen tomus duýdansyz Marokkodan gelen ägirt uly migrantlaryň akymy sebäpli uly kynçylyga uçran Ispaniýanyň eksklawy Seutanyň ýaşaýjylaryny goldamak maksady bilen taýýarlanypdy.

«Real Madridiň» birnäçe oýunçysy köýnekçäni geýjegini-geýmejegini bilmän, ikirjiňlendiler, ahyrynda bolsa köýnekçeleri geýip, meýdana çykdylar. Ýöne fransiýaly futbolçylar Kilian Mbappe we Ibraima Konate, şeýle hem braziliýaly Winisius köýnekçäni ýarym-ýalta geýdiler we meýdana çykansoňlar maý tapyldygy, ony çykarmaga howlukdylar.

Duşuşykdan soň Mbappe öz hereketini düşündirdi we diňe bir Seutanyň ýaşaýjylaryna däl, eýsem heläk bolan ýa-da agyr şertlerde galan migrantlara-da raýdaşlygyny bildirmek isländigini aýtdy.

«Men Seuta-da, heläk bolan adamlaryň ählisine-de raýdaşlygymy bildirýärin. Sebäbi men diňe bir futbolçy däl, ilkinji nobatda, adam».

Goal.com neşiri näbelli çeşmelere salgylanyp, bu köýnekçeleriň Ispaniýanyň ligasyndaky ähli klublara paýlanandygyny ýazýar. Olary oýun wagtynda geýip, meýdana çykmak ýa-da çykmazlyk baradaky karary bolsa toparlaryň özleri kabul edipdir. Mysal üçin, «Barselona» ilki «Rasing» bilen geçiriljek duşuşyga şeýle köýnekçelerde çykmagy meýilleşdiripdir. Emma toparyň esasy ýyldyzy Lamin Ýamalyň garşy çykmagy sebäpli bu pikirden ýüz öwrüpdir. Ýamalyň kakasy marokkoly. Futbolçy Marokkonyň milli ýygyndysynda çykyş edip hem bilerdi, emma ahyrynda Ispaniýanyň milli ýygyndysyny saýlady.

Mbappeniň, Konateniň we Winisiusyň hereketleri Ispaniýanyň we Fransiýanyň syýasatçylary tarapyndan tankyt edildi. Konserwatiw we aşa sagçy partiýalar futbolçylary ispan halkyna we Ýewropa hormatsyzlyk etmekde aýypladylar. Sagçy janköýerler toparlary bolsa futbolçylardan ötünç soramagy talap etdiler.

Şol bir wagtyň özünde Marokkoda «Real Betis» klubunda çykyş edýän ýerli futbolçy Abdessamad Ezzalzuli hem tankyda sezewar boldy. Ol hem şol köýnekçede meýdana çykypdy.

Seutadaky migrasion çögünlik iýulyň ahyrynda ýüze çykypdy. Marokkodan gelen onlarça müň migrant ilaty takmynan 85 müň adam bolan ispan eksklawy Seuta geçmäge synanyşdy. Olaryň köpüsi soňra yzyna dolanmaly boldy, emma käbirleri Ispaniýada galdy. Ispaniýa geçmäge synanyşylan mahaly 140-dan gowrak adam heläk boldy.