Üç sany türkmen göreşijisi Las-Wegasdaky U23 dünýä çempionatyna gatnaşar

Şu gün, 20:462,422

2026-njy ýylyň 12–18-nji oktýabry aralygynda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde 23 ýaşa çenli (U23) türgenleriň arasynda göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Newada uniwersitetiniň «Thomas & Mack Center» meýdançasynda geçiriljek bu iri göwrümli ýaryş erkin, grek-rim we zenanlar göreşini birleşdirer.

Düşekçä ilki bolup grek-rim göreşiniň wekilleri çykar, şondan soň tutluşyklar zenanlaryň arasynda we erkin göreş boýunça dowam etdiriler.

Dünýä birinjiliginde Türkmenistanyň wekilleri erkin göreş boýunça ýaryşda çykyş eder. Baş tälimçi Ýusup Melejäýewiň ýolbaşçylygynda medal ugrunda üç türgen bäsleşer:

  • Watan Annaorazow (79 kg çenli agram derejesi);
  • Soltan Sanjar Begenjow (86 kg çenli);
  • Döwletgeldi Myradow (92 kg çenli).

Ýaryşa bütin dünýäden 600-den gowrak göreşiji gatnaşar.