Norwegiýa jemgyýetçilik ýerlerinde emeli aňly äýneklere gadagançylyk girizer

Şu gün, 07:101,772

Norwegiýanyň häkimiýetleri seýilgähler, söwda merkezleri, hassahanalar, mekdepler we uniwersitetler ýaly jemgyýetçilik ýerlerinde emeli aňly «akylly» äýnekleri dakynmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär.

Çäklendirmeler şahsy ulanylyşy, şeýle-de syýahatçylyk ugurlarynda surata düşürmegi öz içine almaýar. Gadagançylygyň ähli şertini ýörite hünärmenler topary tarapyndan öwrenilýär.

Şeýle netijä gizlinligi we şahsyýet howpsuzlygyny goramak babatda geçirilýän çäreler sebäp boldy. Daşky görnüşi boýunça adaty äýneklerden hiç hili tapawutlanman emeli aňly äýnekler gizlin kameralar we mikrofonlar bilen üpjün edilendir. 2025-nji ýylda EssilorLuxottica kompaniýasy we Meta şeýle enjamlaryň 7 milliondan gowragyny satdy.

«Biz adamlaryň gizlin ses ýazgysynyň alnyp barylmagyndan, özlerini, adatça, gözegçiliksiz duýýan ýerlerinde we ýagdaýlarynda surata ýa-da wideo düşürilmeginden ätiýaç edýän jemgyýetinde ýaşasymyz gelenok. Şeýle jemgyýet adamlara howatyrly görünmegi mümkin» diýip, sanlylaşdyrma ministri Torgeýr Mikaelsen aýtdy.

Mundan ozal emeli aňly äýnekler ABŞ-nyň birnäçe ştatlarynda, şeýle hem Angliýanyň we Welsiň kazyýet ýygnaklarynda eýýäm gadagan edilipdi. Ýöne Norwegiýa beýle giň gerimli gadagançylyga karar beren ilkinji ýewropa ýurdy bolup durýar.