Arkadag şäherinde günebakar we nal şekilli täze desgalar gurlar

05.11.2026, 18:239,832
1 / 4

Aşgabatda geçen «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» (CIET 2026) atly halkara sergide Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň şekil taslamalary görkezildi. Onuň açylyş dabarasy 2027-nji ýyla meýilleşdirilýär.

Täze desgalaryň hatarynda günebakar şekilinde guruljak we giň ýaýran ýaşyl zolaklar bilen gurşaljak ýokary tehnologiýaly «Arkadag» söwda we jemgyýetçilik merkezini görkezmek bolar. Täze desgalaryň binagärlik keşbi ähli inçelikleri nazara almak bilen işlenip taýýarlandy.

Şäher gurluşygynyň ikinji tapgyrynda konsert meýdançasyny hem-de bedew atlaryň we düýe kerwenleriniň şekilleri ýerleşdirilen suw howdanlaryny özünde jemleýän «Saglyk» seýilgähi hem göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygary bilen baglylykda nal şekilinde taslanan täze awtomenzil aýratyn ünsi çekýär.

Taslamasy «Ýiti Galam» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan we gurluşygy «Kent gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýan bu awtomenzil kiçi howa menziliniň nusgasy esasynda taslandy. Aşgabat şäherinden 35 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu desga bir günde 1500 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir.

Awtomenzil halkara we şäherara gatnawlary üçin iki terminaly öz içine alýar. Bu ýerde Arkadag şäherine hyzmat etmek üçin ýörite elektrik awtoulaglarynyň we elektrik awtobuslarynyň parky dörediler. Awtomenzilde skaner enjamlary, gözegçilik nokatlary, awtosalon we söwda zolaklary göz öňünde tutuldy.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň täze infrastruktura desgalary «akylly öý» ulgamlaryny, 5G aragatnaşygyny, intellektual wideo gözegçiligi hem-de ýol hereketini akylly dolandyryş tehnologiýalaryny öz içine alýan we ekologiýa taýdan arassa çözgütlere esaslanýan «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda ösdürilýär.