Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Gazagystana bardy

05.11.2026, 22:0810,733
1 / 2

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Akaba prosesiniň çäklerinde emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystana iş sapary bilen bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Sammit 6-njy noýabrda Astana şäherinde geçiriler.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Astananyň howa menzilinde bolsa Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we dostlukly ýurduň beýleki resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

2015-nji ýylda döredilen Akaba prosesi howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet Baştutanlaryny, halkara bilermenleri we tehnologiýa kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemleýär. Soňky ýyllarda onuň gün tertibine sanly giňişligi goramak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we emeli aňy düzgünleşdirmek meseleleri hem goşuldy.