Astanada Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Akaba prosesiniň sammiti geçirilýär

Düýn, 14:244,126
1 / 2

Astana şäherinde emeli aň ulgamyndaky howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Akaba prosesiniň sammiti geçirilýär. Bu barada Akorda habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Iordaniýanyň Patyşasy Abdalla II ben al-Huseýn, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.

Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew we döwlet edaralarynyň wekilleri hem bar.

Akaba prosesi 2015-nji ýylda Iordaniýanyň Patyşasy Abdalla II tarapyndan terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmek boýunça öňe sürlen halkara başlangyçdyr. Bu meýdança howpsuzlyk meselelerini maslahatlaşmak üçin döwlet Baştutanlaryny, degişli edaralaryň ýolbaşçylaryny, halkara hünärmenleri we tehnologiýa kompaniýalarynyň wekillerini birleşdirýär. Soňky ýyllarda onuň gün tertibine sanly giňişligi goramak, kiberhowpsuzlyk we emeli aňy düzgünleşdirmek meseleleri hem goşuldy.