6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki duşuşygynda Türkmenistanyň başlangyçlaryny tanyşdyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Duşuşyk Garaşsyzlyk köşgünde Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II-niň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, halkara guramalarynyň we emeli aňyň howpsuzlygy boýunça hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirildi.
Gatnaşyjylar emeli aňy ulanmakda howpsuzlygy üpjün etmek, kiberhowplara garşy durmak hem-de Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň tagallalaryny utgaşdyrmak meselelerini maslahatlaşdy.
Serdar Berdimuhamedow dünýäde uzak möhletli howpsuzlygy, ilkinji nobatda, öňüni alyş diplomatiýasyny işjeňleşdirmek, bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak, şeýle hem parahatçylyk, ynanyşmak we syýasy dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek arkaly üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Prezident Türkmenistanyň Akaba prosesiniň maksatlaryny we wezipelerini amala aşyrmaga gatnaşmaga hem-de Merkezi Aziýada we tutuş dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Gazagystana gulluk saparyny tamamlandan soň, Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinden Türkmenistana ugrady.