Türkmenistanly Şahzadbek Mätýakubow Hytaýyň Ninbo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 110 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazandy.
Türkmen türgeni iki görnüşiň jemi boýunça 417 kg netije görkezdi – silterläp götermekde 187 kg, itekläp götermekde – 230 kg.
Altyn medala Özbegistanyň wekili Akbar Juraýew mynasyp boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 432 kg (198+234) netije görkezdi, silterlemede we iki görnüşiň jeminde dünýä rekordlaryny täzeledi. Eýranly Alireza Nasiri 418 kg (185+233) netije bilen kümüş medal gazandy.

Mätýakubowyň üstünligi Türkmenistana ýaryşda ilkini medaly getirdi.
Ozal habar berşimiz ýaly. Ninbodaky dünýä çempionatynda 16 ýaşly Şabnam Kerimbaýewa 57 kg çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda iki dünýä rekordyny täzeledi we ýaryşy bäşinji orunda tamamlady. Türkmenistanyň ýene bir wekili, 18 ýaşly Diderbek Jumabaýew 75 kg çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda üç dünýä rekordyny täzeledi, emma ýaryşda ýedinji orny eýeledi.
Ninhboda geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionaty 8-nji noýabrda tamamlanar. Türkmenistandan ýaryşda on türgen çykyş edýär.