«Meniň üçin uly hormat»: Mask Jensen Huangy işe alyp bilse begenjekdigini aýtdy

Şu gün, 11:474,677

Tesla we SpaceX kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask Nvidia kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jensen Huangy işe kabul etmegiň özi üçin uly hormat boljakdygyny aýtdy.

Muňa Zerohedge maliýe blogunyň X sosial torunda «Ilon, haýyş, Jenseni işe al» diýip, Maska ýazylan ýüzlenme sebäp boldy. 

Telekeçi bolsa bu çagyryşa: «Bu meniň üçin uly hormat bolardy» diýip jogap gaýtardy.

Ýatladyp geçsek, mundan bir gün öň Nvidia kompaniýasy Jensen Huangyň prezident, baş direktor we müdirler geňeşiniň agzasy wezipelerinden dessin boşadylandygyny habar berdi. Kompaniýa wagtlaýynça maliýe direktory Kolett Kress ýolbaşçylyk eder.

Jensen Huangyň şahsy durmuşy bilen bagly dawa-jenjelleriň içinde Nvidia kompaniýasynyň hem bazar bahasy bir hepdäniň dowamynda, takmynan, 600 milliard dollar pese düşdi.