Raşid Meredow COP31-iň çäginde howa gurşawy we «ýaşyl» tehnologiýalar boýunça gepleşikleri geçirdi

Şu gün, 14:551,368
1 / 5

12-nji noýabrda Antalýada COP31 maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ISESCO) baş direktory Salim Muhammed Al-Malik bilen geçirilen duşuşykda taraplar bilim, ylym, medeniýet, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda ISESCO-da synçy döwlet derejesine eýe bolmagyndan soň açylan täze mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.

BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Roland Mollerus bilen Meredow 2025-nji ýylyň awgustynda Awazada geçirilen LLDC3 maslahatynyň jemleýji resminamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Hususan-da, gürrüň durnukly ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, howa durnuklylygy hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň halkara howa maliýeleşdiriş mehanizmlerine we döwrebap tehnologiýalara elýeterliligi barada boldy.

Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň (GGGI) ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary, «Ýaşyl ösüş» maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Malle Fofana bilen geçirilen duşuşykda taraplar ýaşyl maýa goýumlar, energiýa netijeliligi, dikeldilýän energiýa çeşmeleri we ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine seretdi.