Bangladeş we Hindistan parakwat pestisidine gadaganlyk girizip, bu howply himiki maddany ulanmagy eýýäm gadagan eden 70-den gowrak ýurduň hataryna goşuldy.
Ylmy barlaglaryň maglumatyna görä, bu madda bedende ýygnanan ýagdaýynda Parkinson keseliniň döreme töwekgelçiligini ýokarlandyrýar we ol, köplenç, öz janyna kast edýänler tarapyndan ulanylýar.
Bütin dünýäde öz janyna kast etmeleriň, takmynan, 20 göterimi ýiti zäherli pestisidleri ýuwutmak arkaly amala aşyrylýar. Şeýle ýagdaýlar, esasan, Afrikanyň, Aziýanyň, Gündogar Ortaýer deňzi sebitiniň, Latyn Amerikasynyň, Karib basseýniniň we Ýuwaş umman adalarynyň oba ýerlerinde giňden ýaýrandyr.
Hünärmenleriň pikirine görä, ýiti stres ýagdaýlarynda howply pestisidleriň elýeterli bolmagy aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolup biler. Koreýa Respublikasynyň, Malaýziýanyň we Şri-Lankanyň tejribesi parakwadyň we beýleki ýokary derejede zäherli maddalaryň gadagan edilmeginiň oba hojalygynyň önümçiligini peseltmezden öz janyna kast etmeleriň sanyny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýändigini görkezdi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) hem parakwadyň beýni saglygyna uzak möhletleýin howply täsiriniň bardygyny belleýär. BSGG we beýleki halkara düzümler Bangladeşiň hem-de Hindistanyň bu kararyny goldady. Guramanyň barlaglary aýratyn howply pestisidlere girizilýän milli gadaganlyklaryň psihiki saglygy goramak ulgamynda ykdysady taýdan iň netijeli çäreleriň hataryna girýändigini görkezdi.
Ýokary derejede howply pestisidleri ulanmakdan ýüz öwürmek meselesi halkara derejede işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar. 2023-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 76-njy mejlisinde degişli Kararnama kabul edildi we 2026-njy ýylda bu assambleýanyň 79-njy mejlisinde şeýle meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.