Günorta Koreýa giriş synaglarda EA ulanýanlary «satanlara» 75 müň dollar baýrak berer

26.11.2026, 15:084,581

Günorta Koreýanyň häkimiýetleri giriş synagynda jogaby emeli aňyň kömegi bilen göçüren dalaşgäriň üstüni açmaga kömek etjek maglumat üçin 100 million wona (takmynan, 75 müň dollar) çenli sylag tölemegi teklip etdi. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär.

Ýyllyk giriş synagyna gatnaşan 110-dan gowrak adamyň emeli aňdan peýdalanandygy hakda güman edilmegi gözegçiligi has-da güýçlendirdi. Derňew synag tamamlanandan soň hem dowam edýär.

22-nji noýabrda Günorta Koreýanyň bilim ministri Çhwe Ge Jin gartaşandygy sebäpli emeli aňdan göçürmegiň garşysyna göreşde özüni peýdasyz hasaplaýandygyny aýdyp, wezipesinden çekildi.

Täze başlangyja görä, düzgün bozujyny anyklamaga kömek etjek maglumaty beren adam 100 million wona çenli sylag alyp biler. Hatda synagda özi düzgün bozan adam hem bu sylaga dalaş edip biler. Sylag korrupsiýa garşy göreş boýunça komissiýanyň barlagyndan soň berilýär. Bir adam her bir çykarylan aýyplama hökümi üçin jemi bir gezekden bäş gezege çenli sylag alyp biler.

Günorta Koreýanyň Prezidenti Li Çže Men «emeli aňyň doly eýýamyna» gadam basylýan häzirki döwürde adalatly baha beriş ýörelgesini goramagyň zerurdygyny nygtady. Ol emeli aň arkaly göçürmegi paýnamalaryň bahasyny galplaşdyrmak bilen deňeşdirdi.

Häkimiýetler salgyt geňeşçileri üçin geçirilýän hünär synagynda bir dalaşgäriň emeli aňdan gizlin peýdalanyp, tas iň ýokary baha golaý netije gazanandygy üçin haýdan-haý gözegçiligi berkitmegiň ugruna çykdylar. Hukuk goraýjy edaralaryň maglumatlaryna görä, gürrüňi edilýän kişi ýumuşlary lentaly korrektoryň içinde ýygşyrylan kiçijik kamera arkaly surata düşüripdir. Soňra olary smartfona birikdirilen modifisirlenen kalkulýator arkaly emeli aň ulgamyna iberipdir. Alnan jogaplar bolsa penjeginiň içki jübüsindäki kiçijik ekranda görkezilipdir.

Giriş synaglarynyň öňüsyrasynda häkimiýetler goşmaça müňlerçe gözegçini işe çekdi. Synaga gatnaşýanlara sopbaçly geýimleri geýmek gadagan edildi, olaryň egin-eşiklerindäki ilikler bolsa mikrokameralaryň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen ýelimlenildi. EA işläp düzýän kompaniýalara hem şübheli synag soraglarynyň suratlary ýüklenen ýagdaýynda hökmany habar bermek tabşyryldy.

19-njy noýabrda geçirilen ýyllyk synaga 500 müňe golaý adam gatnaşdy. Olaryň üçden birinden gowragy synagy gaýtadan tabşyrýanlardy. Synag gününde häkimiýetler dürli wagtlarda gyssagly duýduryş habarlaryny iberdi. Şeýlelikde, enjamlary sessizlik režiminde goýulmadyk dalaşgärleriň käbiri öz üstlerini özleri açdy. Ýüze çykarylan düzgün bozulmalarynyň arasynda akylly äýneklerden, hajathanada goýlan smartfondan we kiçijik kameralardan peýdalananlar hem bar.