24–27-nji noýabrda Türkmenistanyň Awstraliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow (oturýan ýeri Tokio şäheri) Sidneý şäheriniň häkimligi tarapyndan guralan resmi çärelere gatnaşmak hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek maksady bilen, Awstraliýanyň Kanberra, Sidneý we Melburn şäherlerine iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň çäginde ilçi 26-njy noýabrda Awstraliýanyň Daşary işler we söwda departamentiniň Sekretarynyň orunbasary Kreýg Çittik bilen duşuşyk geçirip, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de halkara guramalaryň çäginde özara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Hususan-da, taraplar ilkinji türkmen-awstraliýa syýasy geňeşmelerini geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn ünsi çekdi.

Şeýle hem saparyň dowamynda Sidneý şäheriniň Lord-häkimi, Awstraliýanyň Bilim sekretarynyň kömekçisi, Täze Günorta Wels ştatynyň Maýa goýum agentliginiň ýerine ýetiriji direktory, Rubicon kompaniýasynyň baş dolandyryjysy, Wiktoriýa ştatynyň Söwda-senagat palatasynyň hem-de Sidneý uniwersitetiniň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşyklarda şäherara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ylym-bilim, talyp alyş-çalşygy we talyp haklary maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, maýa goýum taslamalaryny ilerletmek hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça geljekki ugurlar kesgitlenildi.
Geçirilen gepleşikler taraplaryň özara bähbitli dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassyklady.