Türkmenistan we Özbegistan «Farap — Alat» gözegçilik-geçiriş ýeriniň işini maslahatlaşdy

Şu gün, 18:20665
1 / 2

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly pudagara iş duşuşygy geçirildi.

Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşiklerde esasy üns «Farap awtoýollary — Alat» awtomobil gözegçilik-geçiriş ýeriniň üsti bilen ulag serişdelerini geçirmegi guramaga gönükdirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň we Döwlet serhet gullugynyň wekilleri gatnaşdy. Özbek tarapyna Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň, Ulag ministrliginiň we Döwlet howpsuzlyk gullugynyň Serhet goşunlarynyň işgärleri wekilçilik etdi.

Taraplar halkara awtomobil ýük daşamalaryny guramagyň amaly meselelerine garady. Hususan-da, şu meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy:

  • ýük ulag serişdelerini tirkemegiň tertibi;

  • halkara gatnawlarda rugsatnamalaryň ulanylmagy;

  • sürüjileri wiza bilen üpjün etmek;

  • degişli ýygymlary almak.

Täzelenen «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň geçirijilik mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça garalan meseleleriň birnäçesi babatda oňyn çözgütler kabul edildi. Taraplar gözegçilik-geçiriş ýeriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özara gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.