«Liwerpul» toparynyň we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Ýugo Ekitike bahasy, takmynan, 660 müň funt sterling (890 müň dollar töweregi) bolan ýörite bezegli Lamborghini Revuelto superkaryny satyn aldy. Ýeke-täk nusgada öndürilen awtoulag şikesden soň saglygyny dikeldýän futbolçynyň öýüne eltildi.
Awtoulagyň daşky görnüşi şahsy islege görä bezeldi. Onuň tutuksy ak reňkli kuzowy uglerod süýüminden ýasalan gara reňkli bölekler, aýratyn dizaýnly tigir diskleri we gyzyl öwüşginli bezegler bilen utgaşdyryldy. Şeýle bezegli awtoulag ýekeje nusgada taýýarlanyldy.

Lamborghini Revuelto gibrid hereketlendiriji ulgamy bilen işleýär. Awtoulag 6,5 litrlik V12 atmosferaly hereketlendiriji we üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir. Olaryň umumy kuwwaty 1015 at güýjüne deň. Ol duran ýerinden sagatda 100 kilometre bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetýär. Aňrybaş tizligi bolsa sagatda 350 kilometrden geçýär.
Ekitike 2026-njy ýylyň aprelinde Çempionlar ligasynyň «Pari Sen-Žermen» toparyna garşy geçirilen duşuşygynda daban siňriniň üzülendigi sebäpli, häzirki wagtda saglygyny dikeldýär.