«Realyň» Benzema bilen şertnamasyny 2023-nji ýyla çenli uzaltmagy ahmal

31.12.2019, 12:041,767

«Realyň» hüjümçisi Karim Benzema klub bilen täze ylalaşyga gol çekmegi ahmal.
Çeşmäniň maglumatlary boýunça iki tarap hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýär. Olaryň arasynda ylalaşyga gelmekde meseläniň ýüze çykmaýandygyny görkezen ilkinji aragatnaşyklar bolupdy.
Hereket edýän şertnamanyň 2021-nji ýyla çenli güýji bar, muňa garamazdan, häzirki wagtda ony bir ýa-da iki ýyla çenli uzaltmak mümkinçiligi maslahatlaşylýar.
«Realyň» baş tälimçisi Zinedin Zidanyň 32 ýaşly fransuz bilen şertnamany uzaltmak ähtimallygyny makullandygy bellenilýär. Häzirki möwsümde Benzema «Realda» 23 oýna gatnaşyp, 16 gol saldy we ýedi gezek netijeli ýardam pasyny geçirmegi başardy. Ol bu klubda 2009-njy ýyldan bäri çykyş edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.