26-njy iýulda Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki «Afterpay Arena» stadionynda boks ýaryşy boldy. Esasy duşuşykda birinji orta agram derejesinde WBO wersiýasy boýunça öňki dünýä çempiony, 31 ýaşly awstraliýaly Timofeý Szýu bilen ýarym orta agramda IBF, WBC we WBA guşaklarynyň öňki eýesi, 36 ýaşly amerikaly Errol Spens güýç synanyşdylar.
Boksçular 12 raundyň ählisini hem geçdiler, netijede eminler ýeňşi biragyzdan Szýu berdiler.
Bu duşuşykdan soň Tim Szýunyň hasabynda 28 ýeňiş we üç ýeňliş boldy (öňki duşuşykda ol eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen Denis Nurjyny ýeňipdi). Errol Spensiň hem indi hasabynda 28 ýeňiş we iki ýeňliş bar, ol öňki duşuşygynda Terens Kroufordan tehniki nokaut bilen utulypdy.
Netijeler mälim edilen dessine, Spens ringde sportdan gidýändigini yglan etdi.
«Meniň pikirimçe, hawa, hut şeýle, — diýip, Spens bu ýagdaýyň onuň karýerasy üçin «ýoluň soňudygyny» aňladýandygyny soranlarynda jogap berdi. — Huşum ýerinde. Pullarym öz-özünden gowy işleýär. Hemme zat oňat. Ajaýyp maşgalam bar, Hudaýa şükür edýärin we maşgalam ýanymdaka, sagdyn baş bilen bu sportdan gitmäge mümkinçilik berendigi üçin minnetdar».