«Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy boýunça Pudagara topar döredildi

25.05.2021, 10:5113,520

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny toplumlaýyn guramaçylykly alyp barmak boýunça Pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminama «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Aşgabat şäheriniň demirgazygynda sanly tehnologiýalara esaslanýan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň ýokary derejede gurulmagyny üpjün etmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.