3-nji iýunda Aşgabadyň käbir köçeleri weloýöriş mynasybetli ýapylar

02.06.2021, 22:5315,019

3-nji iýunda irden sagat 7-de türkmen paýtagtynda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä 1 müň 200 adam gatnaşar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň käbir köçeleri birnäçe sagatlyk ýapylar.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli weloýöriş Atatürk köçesinden başlanyp, Çandybil şaýoly, Bitarap Türkmenistan şaýoly we Magtymguly şaýoly boýunça hereket eder. 11 kilometrlik weloýöriş «Ak şäherim — Aşgabat» binasynda tamamlanar.
ORIENT agentliginiň bellemegine görä, şäheriň galan böleginde awtoulaglaryň hereketiniň çäklendirilmegi göz öňünde tutulmaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.