“Ferrariniň” sürüjisi­ Lekler Azerbaýjanyň ­Gran-prisiniň saýlama­ tapgyrynda ýeňiş gaz­andy

06.06.2021, 13:323,783

“Ferrari” toparynyň s­ürüjisi Şarl Lekler “­Formula-1” ulag klasy­ndaky awtoýaryşlar bo­ýunça dünýä çempionat­ynyň altynjy tapgyry ­bolan Azerbaýjanyň Gr­an-prisiniň saýlama t­apgyrynda ýeňiji bold­y. Bu barada TASS hab­ar berýär.

Ikinji orny “Mersedes­den” britaniýaly Lýui­s Hemilton (yza galyş­ - 0,232 sekunt), üçü­nji orny “Red Bulldan­” niderlandly Maks­ Werstappen (+0,345) ­eýeledi.

Saýlama tapgyry Ýuki ­Sunodyň (“Alfa Tauri”­) we Karlos Saýnsyň (­“Ferrari”) heläkçilig­e uçramagy sebäpli, möhletinden ir tamamla­ndy. Mundan öň Lens S­trollyň (“Aston Marti­n”), Antonio Jowinass­iniň (“Alfa Romeo”) w­e Daniel Rikkardonyň ­(“Maklaren”) heläkçil­ige uçramagy sebäpli,­ ýaryşlar gyzyl baýda­k bilen üç gezek sakl­andy. 

“Haasdan” russiýaly N­ikita Mazepin 18-nji ­boldy. Onuň topar boý­unça ýoldaşy nemes Mi­k Şumaher 17-nji orny­ eýeledi. 

Ýaryş ýekşenbe güni g­eçirilip, Aşgabat wagt­y boýunça 18:00-da başlanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.