Waltteri Bottas «Alfa Romeo» bilen köpýyllyk şertnama baglaşdy

09.09.2021, 07:384,508

“Mersedes” toparynyň sürüjisi Waltteri Bottas indiki möwsümde “Alfa Romeo” üçin çykyş eder diýip, “Formula-1-iň” metbugat gullugy habar berýär. Bottas topar bilen köpýyllyk şertnama baglaşdy.

“Meniň ýaryş karýeramda täze bir bap açylýar: men 2022-nji ýylda we ondan soňky döwürde “Alfa Romeo” goşulýandygyma begenýärin, bu meşhur öndüriji üçin täze synag bolar. “Alfa Romeo” – bu tanyşdyrylmaga mätäçlik çekmeýän brend, olar “Formula-1-iň” taryhynda beýik sahypalary ýazdylar. Meniň üçin bu markany görkezmek hormat bolar. Toparyň maňa bildiren ynamy üçin minnetdar, men olaryň ynamyny ödemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” – diýip, “Alfa Romeonyň” resmi saýty Bottasyň sözlerini getirýär.

Finlýandiýaly ýaryşa gatnaşyjy “Alfa Romeoda” şu möwsümiň ahyrynda karýerasyny tamamlaýandygyny habar beren watandaşy, dünýä çempiony Kimi Raýkkoneniň ornuny çalşyrar diýip, sport-express.ru belleýär. 

“Mersedesiň” düzüminde Bottasyň ornuna Jorj Rasselliň geçmegine garaşylýar. Bottas “Mersedesde” 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Onuň hasabynda “Formula-1-de” iki wise-çempionlyk we dokuz ýeňiş bar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.