US Open: Jokowiç Zwerewi ýeňdi, finalda ol Medwedew bilen duşuşar

11.09.2021, 12:184,444

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň finalyna çykmagy başardy.

Ýarym final duşuşygynda dünýäniň ilkinji raketkasy germaniýaly Aleksandr Zwerewi — 4:6, 6:2, 6:4, 4:6, 6:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk 3 sagat 38 minut dowam etdi. 

Jokowiç top-10-lukdaky tennisçilerden 225-nji çeňşini gazandy we öň Rojer Federere degişli bolan rekordy täzeledi. 
12-nji sentýabrda geçiriljek final duşuşygynda Nowak Jokowiç Daniil Medwedew bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.