Google öz «akylly» sagatlarynyň çykmagyny 2022-nji ýyla çenli yza süýşürdi

21.10.2021, 17:162,429

Ozal Google-yň Pixel Watch akylly sagatlaryny täze smartfonlary bilen bile görkezjekdigi aýdylýardy. Ýöne insaýder Jon Prosser Twitter hasabynda «akylly» sagatlaryň çykmagynyň 2022-nji ýylyň birinji çärýegine çenli yza süýşürilendigini mälim etdi. Bu barada gazeta.ru habar berdi.

Insaýder bu yza süýşürmäniň belli bir sebäbini görkezmedi. Munuň çipleriň ýetmezçiligi ýa-da Google-yň programma üpjünçiligini tamamlap bilmändigi bilen baglanyşykly bolmagy hem mümkin diýip, çeşme ýazýar.

Alty aý mundan öň, Pixel Watch-yň dizaýnynyň üstüni hem Jon Prosser "açypdy". Habarlara görä, Google-yň «akylly» sagatlarynyň gapdaly bir düwmeli tegelek ekrany bolar. Ekranyň üstündäki aýna birneme egri, sagadyň korpusy bolsa inçejik bolar. Pixel Watch dakynylýan enjamlar üçin niýetlenen “Google's Wear OS 3” operasiýa ulgamynda işlär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.