Ilon Mask Tesla-nyň täze önümini – «kiberjürlewügi» hödürledi

03.12.2021, 00:458,763

Amerikaly işewür, SpaceX we Tesla kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask täze önümini – «kiberjürlewügi» hödürledi. Bu barada www.rbc.ru habar berýär. 

“Tesla-da sykylykla” – diýip, ol Twitterde ýazdy we bu habara harydy satyn almak üçin internet dükanynyň saýtyna salgylanmany goşdy. 

Tesla-nyň sahypasynda “kiberjürlewük” “ýylmanan poslamaýan polatdan ýasalan premium kolleksiýa önümi” hökmünde suratlandyrylýar. Onuň şekili Tesla-nyň elektromobilleriniň biri bolan Cybertruck-yň konseptini gaýtalaýar. Onuň bahasy $50.

2018-nji ýylda Mask howpsuz ýanyp duran suwuklyk sowurýan ýaraglaryň çäklendirilen tapgyryny satuwa goýberdi. 500 dollar bahaly 20 müň nusganyň ählisi bir hepdeden az wagtyň içinde satyldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.