Daniil Medwedew ATP Cup-yň taryhynda ýeňiş sany boýunça iň gowy oýunçy boldy

09.01.2022, 09:423,403

Dünýäniň ikinji raketkasy russiýaly Daniil Medwedew ATP Cup toparlaýyn ýaryşynda ýeňişleriniň sany boýunça birinji orna çykdy. Bu barada championat.com habar berýär.

US Open-iň häzirki çempionynyň hasabynda 15 ýeňişli oýun bar, şolardan 11-si ýekelikde. Onuň ýakyn bäsdeşi ispaniýaly Pablo Karrenýo-Bustada bu görkeziji 12-ä (6) deň. Belläp geçsek, dünýäniň ilkinji raketkasy serbiýaly Nowak Jokowiç reýtingde dördünji orny eýeleýär, onuň hasabynda 11 ýeňiş bar, olardan 8-si ýekelikde gazanyldy.

Ýeňiş sany boýunça ATP Cup-yň liderleri:

  1. Medwedew (Russiýa) – jemi 15 – 11-si ýekelikde (2020-2022);
  2. Pablo Karrenýo-Busta (Ispaniýa) – 12-6 (2020-2022);
  3. Roberto Bautista-Agut (Ispaniýa) – 11-11 (2020-2022);
  4. Nowak Jokowiç (Serbiýa) – 11-8 (2020-2021);
  5. Daniel Ewans (Beýik Britaniýa) – 8-6 (2020, 2022);
  6. Denis Şapowalow (Kanada) – 8-4 (2020-2022);
  7. Ýan-Lennard Ştruff (Germaniýa) – 7-5 (2020-2022);
  8. Ože-Alýassim (Kanada) – 7-3 (2020, 2022). 
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.