Jokowiçe wizasy gaýtarylyp berildi, ýöne henizem deportasiýa edilip bilner

11.01.2022, 12:193,903

Awstraliýanyň kazyýeti tennisçi Nowak Jokowiçiň üstünden günäni aýryp, giriş wizasyny yzyna gaýtaryp berdi. Şeýle-de, kazyýet ýurduň hökümetini dünýäniň ilkinji raketkasyna çykdajylary tölemäge borçly etdi. Ýöne migrasiýa meselesi boýunça ministrlikde entek gutarnykly karara gelinmedi: onuň sişenbe güni bolmagyna garaşylýar. Bu barada ru.euronews.com habar berýär.

Jokowiçiň özi uçup gelmeginiň sebäbi bolan Australian Open-de çykyş etmäge taýýarlyk görýändigini habar berdi. 

Ýatlap geçsek, ýakynda türgen serhetde tutuldy: gümrük işgärleri onuň koronawirusa garşy sanjymdan lukmançylyk taýdan çekilendigine obýektiw subutnamany görkezmändigini aýtdylar. Şonda wizany ýatyrmak, Jokowiçi bolsa ýurtdan çykarmak bilen haýbat atyldy.

Eger-de Jokowiç korta goýberilse, ol Rafael Nadal ýaly rekord boljak 21-nji “Uly tuwulganyň” ýeňijisi tituly üçin bäsleşip biler. Rojer Federerde hem 20 ýeňiş bar, ýöne ol Awstraliýa gitmedi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.