26 — 28-nji ýanwarda medeni gymmatlyklara bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçiriler

15.01.2022, 22:366,279

26 — 28-nji ýanwarda Söwda-senagat edarasynda “Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçiriler. Bu barada Hökümetiň 14-nji ýanwardaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli medeni mirasy öwrenmäge we wagyz etmäge bagyşlanan halkara maslahaty hem-de sergini guramak meselelerine degip geçip, ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni däplerini ösdürmegiň, olary kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere forumy ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.