Müsüriň her ýylda geçirilýän esasy medeni çäreleriniň biri bolan halkara kitap ýarmarkasy Kairde 53-nji gezek açyldy. Bu barada TASS habar berýär.
Serginiň guramaçylyk komitetinde habar berlişi ýaly, bu ýyl 51 ýurtdan 1 067 neşirýat öz önümini hödürleýär. Ýarmarka 80 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän halkara sergi merkezinde geçýär, ol ýerde bäş sany uly sergi zalynda neşirýat öýleri üçin 879 pawilýon ýerleşdirildi.
Şu ýyl ýarmarka “Müsüriň barabarlygy – medeniýet we geljegiň meseleleri” şygary bilen geçirilýär. 13 günüň dowamynda – 7-nji fewralda ýapylýança serginiň çäklerinde seminarlar we tegelek stollar geçer, şeýle-de “Gadymy Müsüriň Ensiklopediýasy” bilen başlanýan ýörite sanly kitap taslamasynyň açylyşy bolar. Müsüri öwreniji alym Selim Hasanyň (1886-1961) arap dilinde bolan 16 tomluk bu işi gadymy Müsür siwilizasiýasynyň iň doly taryhy maglumat kitapçasy hasaplanylýar.
Medeniýet ministri Inas Abdel Daimiň aýtmagyna görä, ýarmarkanyň taryhynda ilkinji gezek prezentasiýa we görkeziş üçin döwrebap tehnologiýalar we emeli intellekt, şol sanda interaktiw monitorlar, kitaplaryň gahrymanlarynyň 3D-gologrammalary ulanylýar.
Bu ýyl ýene bir täzelik iň gowy arap neşirýatçysy üçin ýörite baýragyň döredilmegi boldy. Ol birnäçe nominasiýadan ybarat bolar we olaryň hersinde ýeňiji 40 müň Müsür funtyny ($2 545) alar.