Müsüriň Günbatar çölünde Wizantiýa döwrüne degişli şäher tapyldy. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär.
Arheologik gazuw-agtaryş işleri Dahla oazisinde geçirildi. Tapyndylaryň arasynda IV asyra degişli ýaşaýyş kwartallary, bazilika, iki sany garawul diňi, gorag diwary hem-de kabulhana zallary we gümmezli üçekleri bolan ýaşaýyş jaýlary bar.


Şeýle-de, arheologlar çörek bişirilýän peçleri, aşhana enjamlaryny, däne owratmak üçin gurallary, Rim imperatory Konstansiý II-niň döwrüne degişli bürünç we altyn teňňeleri, şeýle-de ýüzi ýazgyly 200-e golaý keramika böleklerini tapdy.

Marina-el-Alameýn diýen ýerde bolsa 18 sany gadymy mazar ýüze çykaryldy. Bu ýerde adam galyndylary bolan, uzynlygy 2,5 metre ýetýän granit sarkofag, gipsden ýasalan sfinks heýkeli we aradan çykan adamlaryň agzyna goýlan altyn teňňeler tapyldy.
Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrligi bu gazuw-agtaryş işleriniň Müsüriň Wizantiýa imperiýasynyň bir bölegi bolan döwründäki gündelik durmuşy, şäher gurluşygy we ykdysady işjeňligi barada giňişleýin maglumat almaga ýardam etjekdigini belledi.