Müsüriň Luksor şäheriniň golaýynda Leýden uniwersitetiniň niderland arheologik ekspedisiýasy ýaşy 3000 ýyla barabar bolan aramgähi ýüze çykardy. Bu barada «CBS» telekanaly Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrligine salgylanyp habar berýär.
Tapylan toplum tersine öwrülen «T» harpynyň şekilinde gaýada oýulyp ýasalan ybadathana eltýän açyk howlyny öz içine alýar. Howluda arheologlar gowy saklanyp galan birnäçe binagärlik elementlerini tapdy. Olaryň arasynda girelgä eltýän ýapgyt pandusly basgançaklar, şeýle hem jaýlama sütünini goýmak üçin niýetlenen kerpiçden ýasalan oturgyç bar.

Aramgähiň içindäki degişli ýazgylaryň kömegi bilen onuň Paser atly adama degişli bolandygyny anyklamak başartdy. Tapylan suratlarda Paseriň ybadathanalarda dürli hudaýlara sežde edip duran pursaty, şeýle hem aýaly bilen bilelikde sowgatlar goýlan stoluň başynda oturan şekili şekillendirilipdir.
Arheologlaryň pikirine görä, bu tapyndy Gadymy Müsüriň XIX we XX nesilşalyklarynyň döwrüne — Ramessidler eýýamyna degişlidir. Häzirki wagtda alymlar bu ýerde jaýlanan adamlaryň ählisiniň şahsyýetlerini anyklamagy we olaryň durmuşyny giňişleýin öwrenmegi meýilleşdirýär.
Luksor dünýäniň iň möhüm arheologik merkezleriniň biri hasaplanýar. Häzirki aramgäh 2018-nji ýylda başlanan ylmy-gözleg taslamasynyň çäklerinde ýüze çykaryldy.
Belläp geçsek, 2025-nji ýylda hut şu sebitde 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden giň göwrümli abatlaýyş işlerinden soň, syýahatçylar üçin faraona degişli başga bir uly aramgäh açyldy. Onda gadymy müsür hudaýlarynyň we biziň eýýamymyzdan öňki, takmynan, 1390–1350-nji ýyllarda Müsüri dolandyran Amenhotep III-niň şekilleri bolan gadymy müsür suratlary gowy saklanyp galypdyr.