Azmun resmi taýdan «Baýere» geçdi

31.01.2022, 00:1411,442

«Zenit» resmi saýtynda Serdar Azmunyň klubdan Lewerkuzeniň «Baýer»  klubyna geçendigi barada yglan etdi. Bu barada Sports.ru habar berýär.

Klublar 27 ýaşly eýranly futbolçynyň gyşky transfer möwsüminde geçmegi barada ylalaşyk gazandylar. «RB-Sport» telegram-kanalynyň maglumatlaryna görä, «Baýer» transfer üçin «Zenite» bonuslary hasaba alanyňda 4 million töweregi tölär.

«Zenit» futbol kluby ynanylmaz netijeliligi, umumy ýeňişlerimizden begenji we klubymyza hem-de janköýerlerimize söýgüsi üçin Serdar Azmuna minnetdarlyk bildirýär!» - diýlip habarda aýdylýar.

Türkmen gelip çykyşly eýranly futbolçy peterburg klubynyň düzüminde 2019-njy ýylyň fewralyndan bäri çykyş edip gelýärdi. Onuň hasabynda 104 oýunda 62 gol, 17 sany netijeli ýardam pasy, 2019/20 möwsümde iň gowy golçy hem-de 2020/21 möwsümde möwsümiň iň gowy futbolçysy ady bar.
«Zenitiň» düzüminde Azmun üç gezek ýurduň çempiony boldy, Kubogy we iki gezek Russiýanyň Superkubogyny gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.