BMG gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçişi çaltlandyrmagyň zerurdygyny aýtdy

30.03.2022, 17:126,916

Dünýä jemgyýeti global energiýa çökgünliginiň şertlerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçişi çaltlandyrmaly. Bu barada Berlinde geçirilen Energetika forumynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş aýtdy diýip, TASS habar berýär. 

“Häzirki energiýa çökgünligi biziň haýal etmän gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçişi çaltlandyrmalydygymyzy görkezýär. Bu energiýa howpsuzlygyna tarap ýeke-täk dogry ýoldur” – diýip, Guterriş belledi.

Şeýle-de, BMG-niň Baş sekretary gazylyp alynýan energiýa çeşmelerine maýa goýmakdan mümkin boldugyndan çalt ýüz öwürmäge, şeýle-de nebit-gaz baýlyklarynyň gözlegini giňeltmegi bes etmäge çagyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.