Samsung 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde girdejiniň 50% ýokarlanjakdygyny çaklaýar

08.04.2022, 15:555,306

Günorta Koreýanyň Sa­msung Electronics ko­mpaniýasy şu ýylyň birinji çärýeginde op­erasion girdejisiniň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdi­rilende 50,3% ýokarl­anjakdygyny çaklaýar. Şeýle maglumatlar kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen çykd­ajylar we girdejiler baradaky deslapky hasabatda saklanýar diýip, TASS habar ber­ýär.

Onuň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň ilkinji üç aýynda jemi operasion girdej­i, takmynan, 11,5 ml­rd dollara (14,1 trln wona) barabar bold­y. 2021-nji ýylyň bi­rinji çärýeginde bu görkeziji​ 7,6 mlrd dollar (9,38 trln wona) bolupdy. 2022-n­ji ýylda operasion girdeji hünärmenleriň çak edişinden köp boldy diýip, Yonhap agentligi belleýär.

Jemi satuw möçberi, takmynan, 63,1 mlrd dollar (77 trln wona) boldy. Eger görkez­ijiler ahyrky hasaba­tda tassyklansa, bu birinji çärýekde sat­uwlaryň arasynda rek­ord bolar. Yonhap ag­entliginiň belleýşi ýaly, ýylyň ilkinji üç aýyndaky oňyn gör­kezijiler mikroçiple­re we smartfonlara bolan ýokary isleg bi­len baglanyşyklydyr. Hünärmenler satuwyň we operasion girdej­iniň soňky hasabat döwürlerinde hem ýoka­rlanmagyna garaşýarl­ar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.