Jokowiç, Federer we Nadal Leýwer kubogy üçin Ýewropanyň ýygyndysyna girdi

23.07.2022, 11:084,579

“Uimbledonyň” häzirki çempiony serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Londonda geçiriljek Leýwer kubogy ýaryşyna gatnaşýandygyny tassyklady. Bu barada ýaryşyň saýtynda habar berilýär diýip, interfax.ru belleýär.

Ol düzüminde ispaniýaly Rafael Nadal, şweýsariýaly Rojer Federer we britaniýaly Endi Marreý bolan Ýewropanyň ýygyndysy üçin oýnar. Bu ýygyndynyň düzüminde ýene iki orun boş galýar.
Häzirki wagta çenli dünýä ýygyndysynyň düzümine Feliks Ože-Alýassim (Kanada), Teýlor Fris (ABŞ) we Diego Şwarsman (Argentina) girdi.
Bäşinji Leýwer kubogy ýaryşy 23 – 25-nji sentýabrda Londonda geçiriler. Geçenki dört ýaryşda (2017, 2018, 2019, 2021) Ýewropanyň topary ýeňiş gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.