Serdar Berdimuhamedow bir aýlyk dynç alşa çykdy

01.08.2022, 12:0536,672

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç almaga rugsat berilýändigini yglan etdi. Olar zähmet rugsadynda Awazada, «Arçmanda», «Ýyly suwda» ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler.

Şu döwürde Prezident Serdar Berdimuhamedow hem zähmet rugsadynda bolar. Şu gün — 1-nji awgustda bolsa döwlet Baştutany “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan “Rowaç” kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.