Dünýäniň birinji raketkasy Alkaras Astanada ýaryşyň birinji aýlawyndan gaýtdy

05.10.2022, 11:454,876

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Astanada ATP-nyň ikinji turnirine çykyp bilmedi. 19 ýaşly ispaniýaly türgen, dünýäniň birinji raketkasy birinji aýlawyň oýnunda 5:7, 3:6 hasap bilen belgiýaly türgen Dawid Goffenden utuldy.

Goffen dünýäniň 66-njy raketkasy hasaplanýar. Onuň indiki garşydaşy fransiýaly türgen Adrian Mannarino bolar.
Alkaras sentýabr aýynda US Open-de gazanan ýeňşinden soň dünýäniň birinji raketkasy bolupdy. Şol turnirden soň Dewisiň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda diňe iki gezek oýnapdy, şonda kanadaly türgen Feliks Ože-Alýassimden ýeňlip, koreýaly türgen Kwon Sun-wuny ýeňipdi.
Ondan hem başga, Alkaras ilkinji gezek 62 oýunda ýeke gezegem set almady. Bu onuň 11 aýyň içinde ýol beren ilkinji arassa ýeňlişidir.
Astanadaky turnir 9-njy oktýabrda tamamlanar. Ýaryşyň baýrak gaznasy 1,9 mln dollar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.