Serdar Berdimuhamedow Hindistandaky pajygaly ýagdaý zerarly gynanç bildirdi

01.11.2022, 00:2730,097

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä ýurduň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
30-njy oktýabrda agşam Hindistanyň Gujarat ştatyndaky Morbi şäherinde pyýadalar üçin niýetlenen asma köpri ýykyldy. NDTV-niň habar bermegine görä, 141 adam aradan çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.