BMW Hytaýda akkumulýator çykarmak boýunça taslama 1,4 mlrd dollar goýar

16.11.2022, 23:439,624

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG-si bilen Hytaýyň Brilliance China automotive Holdings Ltd.-niň bilelikdäki BMW Brilliance Automotive Ltd. (BBA) kärhanasy Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşen Lýaonin welaýatynda akkumulýator batareýalaryny öndürmek boýunça täze taslama 10 mlrd ýuan maýa goýar. Bu barada "Sinhua" habar berýär. 

Degişli ylalaşyga Şenýan şäherinde gol çekildi. Gazanylan ylalaşyk BBA Şenýanyň önümçilik bazasynda akkumulýator batareýalaryny öndürmek boýunça kuwwatyny giňeltmäge mümkinçilik berer.
Şeýle-de, BBA-nyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Frans Deker önümçiligiň giňeldilmegine maýa goýulmagy BMW-nyň Hytaýda elektromobilligiň ösüşini çaltlandyrmak ugrundaky strategiýasynda  "indiki möhüm ädim bolar" diýip hasaplanýar.
BMW Şenýanda önümçilik bazasyny giň gerimde döwrebaplaşdyrmak işini geçirdi, şol sanda iýun aýynda maýa goýumynyň umumy möçberi 15 mlrd  bolan zawod açdy.
Şenýan - BMW-niň dünýädäki toparynyň iň iri önümçilik bazasy. BMW-nyň Hytaýdaky işgärleriniň umumy sany 28 müň adamdan geçýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.