Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligi ýatyryldy

26.11.2022, 09:0227,946

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Tejen şäher häkimligini ýatyrmak hakynda Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizer.
Şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.